Sergeý Şoýgu harby birikmelerde gözegçlilik işlerini geçirdi

Russiýanyň Goranmak ministri Sergeý Şoýgu, Ukrainada söweşýän harby birikmelerde gözegçilik işlerini geçirdi

1954808
Sergeý Şoýgu harby birikmelerde gözegçlilik işlerini geçirdi

Russiýanyň Goranmak ministrliginden berilen beýanata görä, Goranmak ministri Sergeý Şoýgu "ýörite harby operasiýa" sebitindäki Günorta Donetsk ugrunda "Gündogar" harby birikmelerine degişli öňdäki pozisiýalarda gözegçilik işlerini geçirip, general-leýtenant Rustam Muradowdan we beýleki ofiserlerden birikmeleriň häzirki ýagdaýy we harby birikmeleriň ýerine ýetirýän işleri barada maglumat aldy. 

Harby birikmeleriň howpsuz ýagdaýda ýerleşdirilmegi we giňişleýin guramaçylyk edilmeginiň ähmiýetine ünsleri çeken Sergeý Şoýgu, saglygy goraýyş we front liniýasynyň arkasyndaky işleriň hem möhümdigini beýan etdi. 

Mundan başgada Russiýanyň Goranmak ministrli Sergeý Şoýgu käbir esgerlere medal gowşurdy. 

 



Degişli Habarlar