“Basypalyjylar Düýn Gije Şäher Merkezini Nyşana Aldy”

Zelenskiý, rus goşunynyň düýn gije Zaporožýe şäherinde bir binany nyşana alandygyny aýtdy.

1953782
“Basypalyjylar Düýn Gije Şäher Merkezini Nyşana Aldy”

Ukrainanyň Prezidenti Wolodimir Zelenskiý, rus goşunynyň düýn gije Zaporožýe şäherinde bir binany nyşana alandygyny, wakada ýogalanlaryň we ýaralananlaryň bardygyny aýtdy.

Zelenskiý, sosial mediadan beren habarnamasynda, Russiýanyň Zaporožýe şäherine hüjüm gurandygyny nygtady.

“Basypalyjylar düýn gije şäher merkezini nyşana aldy” diýen Zelenskiý, hüjümde binanyň 3-nji, 4-nji we 5-nji gatynyň ýykylandygyny belledi.

Wakada ýogalanlaryň we ýaralananlaryň bardygyny, gözleg we halas ediş işleriniň dowam edýändigini aýdan Zelenskiý, “Terrorçy döwlet halkymyzyň her gününi terror gününe öwürmek isleýär. Emma maksadyna ýetip bilmez. Basypalyjylary ýurdumyzdan kowup çykararys” diýdi.

 

 



Degişli Habarlar