Ukraina, Krym Ýarymadasyna Uçarmansyz Howa Ulaglary Bilen Hüjüm Gurady

Konaşenkow, Ukrainanyň Krym Ýarymadasyna uçarmansyz howa ulaglary bilen hüjüm guralandygyny mälim etdi.

1953441
Ukraina, Krym Ýarymadasyna Uçarmansyz Howa Ulaglary Bilen Hüjüm Gurady

 

Russiýanyň Goranmak ministrliginiň metbugat sekretary İgor Konaşenkow, Ukrainanyň Krym Ýarymadasyna uçarmansyz howa ulaglary bilen hüjüm guralandygyny mälim etdi.

Konaşenkow mesele hakynda beren beýannamasynda “Krym Ýarymadasyna uçarmansyz howa ulaglary bilen guralan uly hüjümiň öňü alyndy” diýdi.

Ukraina degişli 6 uçarmansyz howa ulagynyň, rus howa goranyş ulgamlary tarapyndan nyşana alynandygyny, 4 uçarmansyz howa ulagynyň hem elektroniki harby ulaglar arkaly täsirsiz ýagdaýa getirlendigini ýatlatdy.

Konaşenkow, şu günki güne çenli Ukrainanyň harby goşunyna degişli 391 uçaryň, 211 dikuçaryň, 3 müň 281 uçarmansyz howa ulagynyň, 406 howa goranyş raketa ulgamynyň, 8 müň 86 tank bilen sowutly ulagyň, 4 müň 240 gaubisanyň, 8 müň 621 sany hem harby ulagyň hatardan çykarlandygyny mälim etdi.



Degişli Habarlar