Germaniýada Amerikan bazasynyň ýapylmagy islenip protest geçirildi

Germaniýanyň Reýnland-Pfals welaýatynda ABŞ-nyň Ramştaýn howa bazasynyň ýapylmagyny isleýän müňlerçe adam köçelere çykdylar

1951807
Germaniýada Amerikan bazasynyň ýapylmagy islenip protest geçirildi

Takmynan 2 müň 500 adamyň gatnaşmagynda geçirilen demonstrasiýadaky protestçiler howa bazasynyň ýapylmagyny talap edip: "Amerikaly öýüňe gaýt" diýip şygarlar aýtdylar. 

Protestçiler mundan başgada Russiýa bilen Ukrainanyň arasynda eýýäm 1 ýyl geçen söweş bilen baglanşykly parahatçylyk gepleşikleriniň iň gysga wagtda başladylmagyny talap etdiler. 



Degişli Habarlar