Owganystan Bilen Pakistanyň Arasyndaky Gümrük Geçelgesi Ýaňadandan Açyldy

Torkham gümrük geçelgesi ýaňadandan açyldy.

1951416
Owganystan Bilen Pakistanyň Arasyndaky Gümrük Geçelgesi Ýaňadandan Açyldy

1 hepde ozal ýapylan Owganystan bilen Pakistanyň arasyndaky Torkham gümrük geçelgesi ýaňadandan açyldy.

Torkham gümrük geçelgesiniň şu gün irden ýerli wagt bilen 06.00 töweregi dolulygyna açylandygy nygtaldy.

Talibanly ýolbaşçylar, Pakistan tarapynyň hassalaryň geçmegi meselesinde iki ýurduň arasynda gazanylan ylalaşygyň şertlerini ýerine ýetirmändigi sebäpli 19-njy fewralda Torkham gümrük geçelgesini ýapypdy.

Gümrük geçelgesiniň ýapylmagyndan bir gün soň Taliban bilen Pakistanyň howpsyzlyk güýçleriniň arasynda bolan ýaragly çaknyşykda 1 esger ýaralanypdy.

Talibanyň 2021-nji ýylyň awgust aýynda 2021-nji ýylda Owganystanda hökümeti ele geçirmeginden soň Taliban bilen Pakistanyň arasyndaky gümrük geçelgesinde wagtal-wagtal çaknyşyk bolýar

Çaknyşyklar sebäpli iki ýurduň arasyndaky gümrük geçelgeleri hem wagtal-wagtal ýapylýar.

 

 



Degişli Habarlar