NATO-nuň Bilelikdäki Güýçleriniň Serkerdesi Adana Geldi

NATO-nuň Napolidäki Bilelikdäki güýçleriniň Serkerdesi admiral Stýuart Mýunş Injirlik harby howa bazasyna geldi.

1951035
NATO-nuň Bilelikdäki Güýçleriniň Serkerdesi Adana Geldi

NATO-nuň Napolidäki Bilelikdäki güýçleriniň Serkerdesi admiral Stýuart Mýunş Türkiýede ýer titremelerde zyýan çeken sebitlere baryp görmek we ynsanperwer kömek işleri bilen tanyşmak bolmak üçin Adana welaýatyndaky Injirlik harby howa bazasyna geldi.

Serdeligiň Twitterden beren beýannamasynda; “NATO-nuň we ABŞ-nyň toparlary bilen kömek işleri bilen tanyş bolmak üçin admiral Mýunşyň Injirlige sapary, NATO-nuň we ABŞ-nyň Türkiýä howa ýoly arkaly çadyr hem-de ynsanperwer kömek ýüklerini getirmek bilen başlady” diýilýär.

Beýannamada Mýunşyň ýerlerde görülýän taýýarlygy we NATO-nuň Türkiýä kömeginiň ilkinji tapgyryny ýerinde görmek üçin ýer titremelerde agyr weýrançylyga sezewar bolan Hataý welaýatynyň Iskenderun etrabyna barjakdygy habar berildi.

6-njy fewralda bolan we “asyryň betbagtçylygy” atlandyrylan ýer titremelerden soň 9 müňden gowrak halkara gözleg-halas ediş gullukçysy Türkiýä gelipdi.



Degişli Habarlar