Wladimir Putin halka ýüzlenip çykyş etdi

Russiýanyň Döwlet baştutany Wladimir Putin, Ukraina nähili derejede uzak aralykly ýarag berilse, howpy serhetlerden şolar ýaly derejede uzaklaşdyrjakdyklaryny beýan etdi

1949409
Wladimir Putin halka ýüzlenip çykyş etdi

Russiýanyň Döwlet baştutany Wladimir Putin, 24-nji fewralda başlan Russiýa-Ukraina söweşiniň başlamagyna bir ýyl dolmadan ozal, paýtagt Moskwa şäherinde Russiýanyň Parlamentinde halka ýüzlenip çykyş etdi. 

Donbassdaky meseläni parahatçylykly ýollar bilen çözmek üçin ellerinden geleni edýändiklerini aýdan Putin, emma Günbataryň tapawutly ssenariý taýrlanandygyny we sebitde howplaryň artandygyny öňe sürdi. 

"Söweşi Günbatar başlatdy" diýip aýdan Russiýanyň lideri, Ukrainany Russiýa garşy durmak üçin Günbatar ýurtlaryň uzak wagtlap üstünde işländigini belledi. 

Kiýewiň söweşden ozal Günbatar bilen ýarag üpjünçiligi meselesinde gepleşikler geçirendigini aýdan Wladimir Putin: "Ukrainadaky ýagdaýyň jogapkärçiligi Günbatarly elitalylara degişlidir" diýip aýtdy. 

Şu günki gün Ukrainanyň hökümetiniň milli bähbitlere däl, üçünji ýurtlaryň bähbitlerine hyzmat edýändigini aýdan Wladimir Putin, Günbataryň rus jemgyýetini içinden durnuksyzlaşdyrmaga synanyşýandygyny, emma şowsuz bolandygyny beýan etdi. 

Russiýanyň lideri Ukraina nähili derejede uzak aralykly ýarag berilse, howpy serhetlerden şolar ýaly derejede uzaklaşdyrjakdyklaryny belledi. 



Degişli Habarlar