ABŞ-nyň Prezidenti Jo Baýden Garaşylmadyk Ýagdaýda Ukraina Bardy

Wladimir Zelenskiý bilen duşuşan Baýden, paýtagt Kiýewde metbugata beýannama berdi

1948829
ABŞ-nyň Prezidenti Jo Baýden Garaşylmadyk Ýagdaýda Ukraina Bardy

ABŞ-nyň Prezidenti Jo Baýden, Russiýanyň 24-nji fewralda başladan hüjümlerinden soň garaşylmadyk ýagdaýda Ukraina bardy.

Ukrainanyň Prezidenti Wladimir Zelenskiý bilen duşuşan Baýden, paýtagt Kiýewde metbugata beýannama berdi.

“Russiýanyň Ukraina guraýan hüjümleriniň birinji ýylynyň öňüsyrasynda şu gün Prezident Zelenskiý bilen duşuşmak, Ukrainanyň demokratiýasyna, bitewiligine we özygtyýarlygyna goldaw berýändigimizi görkezmek üçin Kiýewe geldim.

Russiýanyň döwlet Ýolbaşçysy Wladimir Putin 1 ýyl ozal Ukraina garşy hüjüm başladan mahaly Ukraina güýçsizdi we Günbatar bölünen ýagdaýdady. Bizi ýeňerin öýtdi emma arzuw-hyýaly puja çykdy. Şu gün Kiýewede Zelenskiý we egindeşleri bilen giň gerimli gepleşikler geçirerin. Ukrainanyň halkyna ähli taraplaýyn goldaw berýändigimizi ýene-de bir gezek beýan ederin” diýdi.

Ukrainanyň Prezidenti Zelenskiý hem Telegramdan beren habarnamasynda “Saparyňyz ukrainalylara berýän güýçli goldawyňyzyň simwoly” diýip belledi.



Degişli Habarlar