Londonda Ýer Titremelerinde Pida Bolanlar Hatyralandy

Kahramanmaraşda bolan ýer titremelerinde pida bolanlar üçin hatyralama çaresi geçirildi.

1947733
Londonda Ýer Titremelerinde Pida Bolanlar Hatyralandy

Britaniýanyň paýtagty Londonyň Trafalgar meýdanynda 6-njy fewralda Kahramanmaraşda bolan ýer titremelerinde pida bolanlar üçin hatyralama çaresi geçirildi.

Hatyrlama çaresinde meýdandaky Nelson diňiniň üstüne “Siriýany we Türkiýäni Goldaýarys” diýlip ýazyldy.

“Asyryň tebigy apaty” atlandyrylýan we Türkiýede 11 welaýatda agyr weýrançylyklara getiren Kahramanmaraşdaky ýer titremelerinden soň Londonyň esasy meýdanlaryndan biri bolan Trafalgarda hatyralama çäresi geçirildi.

Şa Çarles 3-njiniň we Daşary işler ministri Jeýms Klewerliniň duşuşan siriýalylara ýardam çadyrlarynyň ýerleşýän meýdanynda ýerli wagt boýunça sagat 19.00-da geçirilen çärede ýer titremelerinde pida bolanlar üçin şemler ýakyldy.

Hatyralama çäresinde  Londonyň esasy meýdanlaryndan biri bolan Trafalgardaky 52 metr uzynlygyndaky Nelson diňine “Biz Siriýanyň we Türkiýäniň ýanynda” diýlip ýazyldy.

Hatyralama çäresinden soň ýer titremelerinde ejir çekenler üçin kömek ýygnaldy.



Degişli Habarlar