Putin Bilen Aliýew Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi

Putin bilen Aliýew, iki ýurduň arasyndaky özara gatnaşyklar, Azerbaýjan-Ermenistan serhedinde durnuklylygyň we howpsyzlygyň üpjün edilmegi barada pikir alyşdy.

1946787
Putin Bilen Aliýew Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi

Russiýanyň döwlet Ýolbaşçysy Wladimir Putin bilen Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew, iki ýurduň arasyndaky özara gatnaşyklar, Azerbaýjan-Ermenistan serhedinde durnuklylygyň we howpsyzlygyň üpjün edilmegi barada pikir alyşdy.

Azerbaýjan tarapyndan berlen beýannama görä, iki lider telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.

Aliýew bilen Putin telefon söhbetdeşliginde iki ýurduň arasyndaky ykdysady we söwda gatnaşyklary bilen birlikde energetika we ulaglar pudagy boýunça durmuşa geçirilýän bilelikdäki taslamalar hakynda pikir alyşdy.

Günorta Kawkazda başdan geçirilýän soňky wakalar hakynda hem pikir alyşan Aliýew bilen Putin, Azerbaýjan-Ermenistan serhedinde durnuklylygyň we howpsyzlygyň üpjün edilmegi üçin degişli çäreleriň görülmeginiň ähmiýetine ünsi çekdi.

Telefon söhbetdeşliginde Russiýanyň, Azerbaýjanyn we Ermenistanyň arasynda geçirilýän üçtaraplaýyn gepleşikleriň şertsiz dowam etdirilmeginiň ähmiýetine üns çekildi.

Mundan başgada Azerbaýjan bilen Russiýann arasyndaky gepleşikleriň dowam etdiriljekdigi ýatladyldy.

 



Degişli Habarlar