Siriýada Ýer Titremesi Zerarly 8 Müň 500 Adam Ýogaldy

Siriýada ýer titremesi sebäpli 8 müň 500 adamyň ýogalandygy, şol sanyň artmagyna alada bildirýändigi nygtaldy

1945501
Siriýada Ýer Titremesi Zerarly 8 Müň 500 Adam Ýogaldy

Güýç merkezi Kahramanmaraşda bolan 7,7 we 7,6 bal ululygyndaky ýer titremeleri sebäpli Siriýada 8 müň 500 adamyň ýogalandygy habar berildi.

Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasy, Siriýada ýer titremesi sebäpli 8 müň 500 adamyň ýogalandygyny, şol sanyň artmagyna alada bildirýändiklerini mälim etdi.

Gurama tarapyndan berlen beýannamada, “Siriýanyň hökümetiniň gözegçiligi astyndaky zolaklarda 4 müň adam ýogaldy, 2 müň 500 adam ýaralandy. Siriýanyň demirgazygynda bolsa 4 müň 500 adam ýogaldy, 7 müň 500 adam bolsa ýaralandy” diýildi.

Güýç merkezi Kahramanmaraşda 6-njy fewralda bolan we 10 welaýatda uly ýitgi çekilmegine sebäp bolan 7,7 we 7,6 bal ululygyndaky ýer titremesi “asyryň betbagtçylygy” hökmünde häsiýetlendirilýär.

 

 

 

 



Degişli Habarlar