Ýer Titremesi Sebäpli Siriýada Ýogalanlaryň Sany 3 Müň 384 Adama Ýetdi

Siriýanyň demirgazygynda oppozisionerleriň gözegçiligi astyndaky ýerlerde ýer titremesi sebäpli köp sanly bina ýykyldy.

1944945
Ýer Titremesi Sebäpli Siriýada Ýogalanlaryň Sany 3 Müň 384 Adama Ýetdi

“Asyryň betbagtçylygy” hökmünde häsiýetlendirlen ýer titremesi sebäpli Siriýada ýogalanlaryň sany 3 müň 384 adama ýetdi.

Güýç merkezi Kahramanmaraşda 6-njy fewralda bolan 7,7 we 7,6 bal ululygyndaky ýer titremesi Siriýada Idlib, Halap, Hama, Latakiýe we Tartus welaýatlarynda hem uly ýitgi çekilmegine sebäp boldy.

Siriýanyň Idlib welaýatynda “Ýefrat Galkany” we “Zeýtun Şahajygy” operasiýalary zolagynda ýer titremesi sebäpli azyndan 2 müň 37 adam ýogaldy, 2 müň 950 adam hem ýaralandy.

Asada tabynlykdaky güýçleriň gözegçiligi astyndaky Halap, Latakiýe, Hama we Tartus welaýatlarynda hem ýer titremesi sebäpli 1347 adam ýogaldy, 2 müň 295 adam hem ýaralandy.

Siriýanyň demirgazygynda oppozisionerleriň gözegçiligi astyndaky ýerlerde ýer titremesi sebäpli köp sanly bina ýykyldy.

 



Degişli Habarlar