Owganystanda Terror Guramalarynyň Aksiýalary Artýar

Russiýanyň döwlet Ýolbaşçysy Wladimir Putin Amerikan goşunlarynyň çekilmeginden soň Owganystanda halkara terror guramalarynyň aksiýalarynyň artýandygyny aýtdy.

1944355
Owganystanda Terror Guramalarynyň Aksiýalary Artýar

Putin paýtagt Moskwada käbir ýurtlaryn howpsuzlyk gulluklarynyň wekilleri bilen geçirilen Owganystan temaly maslahatda çykyş etdi.

Dünýäde köp sanly çaknyşygyň başdan geçirilýändigini beýan eden Putin; “Oňa göz ýetirýäris. Emma ol Owganystandaky ýagdaýyň ähmiýetini azaltmaýar.

Owganystan biziň üçin elmydama möhüm ähmiýetlidi we häzirki wagtda hasam möhüm. Sebäbi günorta serhetlerimiziň dartgynlaşmagyny islemeýäris” diýdi.

Owganystandaky şertleriň kadalaşmandygyny nygtan Putin; “Amerikan goşunlarynyň çekilmeginden soň Owganystandaky şertler gynansagam kadalaşmady. Halkara terror guramalary Owganystandaky aksiýalaryny artdyrýar. Potensialyny artdyran Al Kaýda şolardan biri” diýdi.

Putin käbir ýurtlaryň halkara terrorizme garşy göreş sebäpli Owganystandaky pozisiýasyny güýçlendirmäge çalyşýandygyny nygtan; “Owganystandaky gumanitar ýagdaý agyrlaşýar, 4 milliona golaý adam ynsanperwer kömege mätäç. Bikanun neşe söwdasynyň gerimi giňeýär we gynansagam neşe ekilýän meýdanlar giňelýär. Meniň pikirimçe global bazardaky neşe maddalarynyň 80 göterimi Owganystandan gidýär” diýdi.

 



Degişli Habarlar