Peskow Günbataryň Ukraina Ýarag Kömegi Hakynda Beýanat Berdi

Russiýanyň Prezidentiniň Diwanynyň Metbugat sekretary Dmitriý Peskow döwlet Ýolbaşçysy Wladimir Putiniň “Günbatar Ukraina ýarag berdigi saýyn, Russiýanyň potensialyndan soňuna çenli peýdalanjakdygyny beýan edendigini” aýtdy.

1941442
Peskow Günbataryň Ukraina Ýarag Kömegi Hakynda Beýanat Berdi

Peskow Putiniň Stalingrad ýeňişiniň 80 ýyllygy mynasybetli guralan çärede günbataryň Ukraina ýarag bermegine garşy ýüzlenmesi boýunça beýanat berdi.

Metbugat sekretary Peskow: Ol, “Russiýanyň potensialy bar we kollektiw günbatar tarapyndan berilýän täze ýaraglar ýüze çykdygy saýyn, Russiýa ýörite harby operasiýanyň çäginde garşylyk görkezmek üçin bar bolan potensialyndan soňuna çenli peýdalanar” diýmeklikdir” diýdi.

Putin Stalingrad ýeňişiniň 80 ýyllygy mynasybetli Wolgograd şäherinde geçirilen çärede sözlän sözünde, geçmişde bolşy ýaly “Russiýa ýene-de üstünde haç ýerleşdirilen nemes Leopard tanklary bilen hemle atylýandygyny” nygtap; “Germaniýa bilen bilelikde Ýewropa ýurtlaryny Russiýa bilen täze bir söweşe tarap çekýänler, esasanda ony bassyr-ýussur yglan edenler, söweş meýdanynda Russiýa garşy ýeňiş gazanmaga garaşýanlar, görnüşine görä Russiýa bilen döwrebap söweşiň olar üçin dolulygyna başgaça boljakdygyna düşünmeýärler. Sowutly ulaglardan peýdalanmak meseläni çözmez. Oňa hemmeler düşünsin” diýipdi.



Degişli Habarlar