Russiýa Ysraýyla Duýduryş Berdi

Russiýanyň Daşary işler ministrliginiň Metbugat sekretary Mariýa Zaharowa Ysraýyla Ukraina ýarag bermegiň şertleri dartgynlaşdyrjakdygyny beýan etdi.

1940949
Russiýa Ysraýyla Duýduryş Berdi

Zaharowa paýtagt Moskwada geçiren metbugat ýygnagynda Ukraina ýarag berilmegi meselesinde ýurtlary geografik taýdan tapawutlandyrmaýandyklaryny beýan edip; “Ukraina ýarag berýän ähli ýurtlar, şol ýaraglaryň Russiýanyň Ýaragly güýçleri üçin kanuny nyşanalar hökmünde görjekdigimize düşünsinler. Biziň pozisiýamyz goýy bilinýär. Goşmaça ýa-da täze ýarag bermek boýunça haýsydyr bir başlangyjyn, dartgynlygyň agyrlaşmagyna sebäp boljakdygy kabul edilmeli. Hemmeler oňa göz ýetirmeli” diýdi.

Ysraýylyň Premýer-ministri Binýamin Netanýahu Amerikanyň “CNN” teleýaýlymyna beren interwýusynda “Ukraina harby kömek bermegi nazarda tutýandyklaryny” we “Eýranyň ýarag önümçiligine garşy işe girişendiklerini” beýan edipdi.



Degişli Habarlar