“Ýerlikli Şertler Ýüze Çykan Halatynda Ukraina Giderin”
Ýaponiýanyň lideri howpsyzlyk aladasy sebäpli Ukraina sapar guramak islemeýär

Ýaponiýanyň Premýer-ministri Kişida Fumio, “ýerlikli şertler ýüze çykan halatynda” Ukraina gitjekdigini aýtdy.
Russiýanyň Ukraina garşy 2022-nji ýylyň 24-nji fewralynda başladan hüjümlerinden bäri G-7ä agza ýurtlaryň ýokary derejeli ýolbaşçylary Kiýewde saparda boldy.
Ýaponiýanyň Premýer-ministri Kişida hem, Mejlisde eden çykyşynda “ýerlikli şertler ýüze çykan halatynda Ukraina sapar gurajakdygyny aýtdy.
Resmi “Kýodo” habarlar gullugynyň berýän habaryna görä, Ýaponiýanyň lideri howpsyzlyk aladasy sebäpli Ukraina sapar guramak islemeýär
Degişli Habarlar

Owganystanda Mekdebe Granat Atyldy
Hüjümde iki okuwçynyň ýogalandygyny aýdan Halimi, 4 okuwçynyň hem ýaralanandygyny aýtdy.

Russiýada Amerikaly Žurnalist Tussag Edildi
Bu barada Russiýanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary Mariýa Zaharowa habar berdi.