Hersona Guralan Raketa Hüjüminde 1 Adam Ýogaldy

Rus goşunlary 24-nji fewralda Ukraina garşy hüjüm başladypdy.

1937687
Hersona Guralan Raketa Hüjüminde 1 Adam Ýogaldy

Russiýanyň Ukrainanyň Herson şäherine guran raketa hüjüminde 1 adam ýogaldy, 6 adam ýaralandy.

Ukrainaly ýolbaşçylar, Russiýanyň Herson şäherine raketa hüjümini gurandygyny habar berdi.

Hüjümde 1 adamyň ýogalandygy, 6 adamyň hem ýaralanandygy nygtaldy.

Russiýa bolsa Ukraina soňky 24 sagatda 4 raketa atandygyny, 26 howa hüjümini we 100-den gowrak bombaly hüjüm gurandygyny habar berdi.

Ukraina hem rus goşunlarynyň gözegçiligi astyndaky zolaklara 8 hüjüm gurandygyny, 1 harby uçary we 3 dikuçary urup düşürendigini mälim etdi.

Rus goşunlary 24-nji fewralda Ukraina garşy hüjüm başladypdy.

 



Degişli Habarlar