Somalide Guralan Bombaly Hüjümde 3 Adam Ýogaldy

Hüjümiň jogapkärçiligini terror guramasy Aş Şebab öz üstüne aldy.

1933210
Somalide Guralan Bombaly Hüjümde 3 Adam Ýogaldy

Somaliniň Hiran sebitinde, bomba ýüklenen ulag bilen guralan hüjümde 3 adam ýogaldy.

Ýerli köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň berýän habaryna görä, Hiranyň Halgan etrapçasynda harby merkeziň golaýynda bomba ýüklenen ulag bilen hüjüm guraldy.

Hüjümde Beledweýne etrapçasynyň serkerdelerinden Jamal Ahmed Jama bilen birlikde 3 adam ýogaldy, 5 adam ýaralandy.

Hüjümiň jogapkärçiligini terror guramasy Aş Şebab öz üstüne aldy.

Ýurtda terror guramasyna garşy operasiýalar dowam edýär, terror guramasy Aş Şebab hem ýygy-ýygyndan şäher we etrap merkezlerinde hüjümler guraýar.



Degişli Habarlar