Dnepre Guralan Hüjümde Ýogalanlaryň Sany 36 Adam Ýetdi
Hüjümde ýogalanlar sebäpli 3 günlük milli ýas yglan edildi.
1933259

Rus goşunynyň 14-nji ýanwarda Ukrainanyň Dnepr şäherine guran raketa hüjüminde ýogalan asuda ilatyň sany 36 adama ýetdi.
Ukrainanyň Milli polis gullugynyň Telegramdan beren habarnamasynda, Russiýa tarapyndan Dnepr şäherindäki 9 gatly bina 14-nji ýanwarda guralan raketa hüjümi hakynda maglumat berildi.
Habarnamada, hüjümde asuda ilatdan 2-si çaga 36 adamyň ýogalandygy, 15-i çaga 75 adamyň hem ýaralanandygy ýatladyldy.
Hüjümde ýogalanlar sebäpli 3 günlük milli ýas yglan edildi.
Şäheriň ýaşaýjylary öýsüz galanlara ynsanperwer kömegini berýär.
Degişli Habarlar

Wenesuelanyň Prezidenti Saud Arabystanyna Bardy
Maduro, Saud Arabystanynyň Mirasdar Şazada Muhammed Bin Salman bilen duşuşdy.