Peskow: "Ukrainadaky maksatlar üýtgemedi" diýdi

Peskow, paýtagt Moskwa şäherinde metbugat işgärleriniň gün tertibiniň ileri tutulýan soraglaryna jogap berdi

1931933
Peskow: "Ukrainadaky maksatlar üýtgemedi" diýdi

Russiýanyň hökümediniň metbugat geňeşçisi Dmitriý Peskow, Baş ştabyň başlygy Waleriý Gerasimowyň Ukrainadaky rus harby birikmeleriň başyna geçirilmegi bilen maksatlarynyň üýtgemändigini habar berdi. 

Russiýanyň hökümediniň metbugat geňeşçisi Dmitriý Peskow, paýtagt Moskwa şäherinde metbugat işgärleriniň gün tertibiniň ileri tutulýan soraglaryna jogap berdi. 

24-nji fewraldan bäri dowam edýän söweşde Donetsk sebitinde Ukraina bilen Russiýanyň arasynda aldym-berdimli söweşleriň dowam edýän Soledar şäherindäki ýagdaýyň üstünde durup geçen Peskow: "Soledarda ägirt uly işler edildi. Şol işler dowam eder. Ýogalan gahryman esgerlerimizi hatyralarys, emma öňümizde entegem köp iş bar. Durmagyň wagty däl. Esasy işler entek başlamady" diýip belledi. 

Peskow Gerasimowyň düýn Ukrainadaky "ýörite harby operasiýadan" jogapkär Birleşen harby güýçleriň başyna geçirilmegi bilen bagly: "Baş serkerde Russiýanyň Döwlet baştutany Wladimir Putin täze maksatlar kesgitlemedi. Ozalky ähli maksatlar gün tertipde galmaga dowam edýär" diýdi. 

Donetskiň we Luganskyň 2014-nji ýyldaky serhetlerine görä "azat edilmeginiň" gün tertipde bolup-bolmandygy bilen bagly soraga Peskow: "Elbetde olar hem Russiýanyň sebitleri, azat edilmekleri gerek" diýip aýtdy. 



Degişli Habarlar