Ysraýylly esgerler 1 palestinalyny ýaraladylar

Ysraýylyň Howpsuzlyk güýçleriniň basyp alyşlyk astyndaky Günbatar Şeriada geçiren operasiýasynda 1 palestinaly ýaralandy, 15 palestinaly bolsa göz tussaglygyna alyndy

1931046
Ysraýylly esgerler 1 palestinalyny ýaraladylar

Şaýatlaryň habar bermegine görä, Ysraýylyň howpsuzlyk güýçleri Nablusyň gündogaryndaky Balata bosgun düşelgesinde operasiýa geçirdiler. 

Bosgun düşelgesindäki öýleriň biriniň daşyny gaban Ysraýylyň howpsuzlyk güýçleri bilen onlarça palestinalynyň arasynda dartgynly pursatlar başdan geçirildi, sebitde ýaragyň sesleri eşidildi. 

Wakanyň netjesinde 1 palestinaly ýaralandy. 

Palestinanyň Gyzyl ýarymaý jemgyýetinden berilen ýazmaça beýanatda, Ysraýylyň howpsuzlyk güýçleri tarapyndan ýaralanan 20 ýaşyndaky palestinalynyň Rufeýda döwlet hassahanasynda bejergi astyna alynandygy aýan edildi. 

Beýanatda ýaralanan palestinalynyň saglyk ýagdaýynyň tankydydygy mälim edildi. 

Palestinanyň Ýesirler kluby tarapyndan berilen beýanatda bolsa, Ysraýylyň howpsuzlyk güýçleri Günbatar Şerianyň tapawutly sebitlerinden 15 palestinalyny göz tussaglygyna alandygy aýan edildi. 

Basyp alyşlyk astyndaky Günbatar Şeria we Gündogar Iýerusalimde ýygy-ýygydan operasiýalar geçirýän Ysraýylyň howpsuzlyk güýçleri tapawutly günäkärlemeler bilen palestinalylary göz tussaglygyna alýar. 



Degişli Habarlar