Eýrandaky protestlerde ýogalan adamlaryň sany artdy

Merkezi Norwegiýada ýerleşýän Eýranyň Adam hukuklary guramasy, Eýrandaky protestlerde ýogalanlaryň sanynyň 481 adama ýetendigini habar berdi

1930424
Eýrandaky protestlerde ýogalan adamlaryň sany artdy

Eýranyň Adam hukuklary guramasynyň internet saýtynda çap edilen habarnamasynda, ýogalanlaryň 35-siniň zenanlardan, 64-siniň bolsa 18 ýaşdan kiçi çagalardan ybaratdygy mälim edildi. 

Ýurtdaky 31 welaýatyň 25-si bilen bagly maglumatlaryň görkezilen habarnamada, iň köp adam ýitgisiniň ýaşaýjylarynyň aglabasy sünni bolan Sistan-Bulujystan welaýatynda hasaba alynandygy aýan edildi. 

Beýleki tarapdan habarnamada protestlerde göz tussaglygyna alynanlaryň azyndan 109-synyň işiniň ölüm jezasy islenip, kazyýete ugradylandygy habar berildi. 

Protestlerden soň ýer ýüzünde weýrançylyk döretmek, döwlete garşy söweş yglan etmek ýaly günäkärlemeler bilen kazyýetiň öňüne çykarylan adamlaryň 4-si ölüm jezasy bilen jezlandyryldy. 


Etiketkalar: #protest , #Eýran

Degişli Habarlar