“NATO Agza Bolmak Üçin Beren Sözümizde Durýarys”

Şwesiýanyň Premýer-ministri Ulf Kristersson; “Gysga möhletde NATO agza bolmak üçin beren sözümizde durýarys” diýdi.

1927534
“NATO Agza Bolmak Üçin Beren Sözümizde Durýarys”

Kristersson Fransiýanyň paýtagty Pariže guran resmi saparynyň çäginde Prezident Emmanuel Makron bilen Eliza köşkündäki ikiçäk duşuşygyndan ozal bilelikde metbugat ýygnagyny geçirdi.

Kristersson Fransiýanyň Şwesiýanyň we Finlýandiýanyň NATO agzalygyny goldaýandygy hem-de howpsuzlyk ýaranlygy üçin sagbolsun aýdyp; “Gysga möhletde NATO agza bolmak üçin beren sözümizde durýarys” diýdi.

Kristersson Şwesiýanyň ÝB-niň döwürleýin ýolbaşçylygyny Ýewropanyň  agyr çökgünlikleri başdan geçirýän döwründe kabul edip alandygyna ünsi çekip, bu çökgünliklerden iň agyrynyň 24-nji fewraldan bäri dowam edýän Ukraina-Russiýa söweşidigini aýtdy.

“Ukrainanyň ýenişi Ýewropa we bütin dünýä üçin möhümdir, dowamat taýdan ähmiýetlidir” diýen Kristersson, energetika we howa çökgünlikleri bilen infliýasiýa ýaly meselelere ünsi çekip, Ýewropanyň uzak möhletli bäsdeşlik güýjüni gorap saklamalydygyny aýtdy.



Degişli Habarlar