Ýewropada Saglygy Goraýyş Pudagyndaky Kynçylyklaryň Yzy Üzülmeýär

Materik boýunça grippe ýolugýanlaryň sany artýar. Saglygy goraýyş ulgamy talaby kanagatlandyrmak üçin ýeterlik däl bolsa, ençeme dermanyň üpjün edilmeginde-de kynçylyk çekilýär.

1926798
Ýewropada Saglygy Goraýyş Pudagyndaky Kynçylyklaryň Yzy Üzülmeýär

Britaniýada saglygy goraýyş ulgamy, tiz kömek bölümlerindäki işlegleri kanagatlandyrmaýar. Soňky görkezijilere görä wagty çäre görülmändigi üçin tiz kömek bölümlerinde hepdede 500 adam ýogalýar. Ýurtda hassahanalarda grippe ýoluganlaryň sany 1 aýda 7 esse artdy.

Germaniýada-da artan gripp hassalygy we lukman ýetmezçiligi saglygy goraýyş ulgamyna agyr zarba urdy. Ýurtda azyndan 300 dermanyň üpjün edilmeginde kynçylyk çekilýär.

2022-nji ýylyň soňky hepdelerine 500 müň raýaty grippe ýolugan Awstraliýada-da antibiotikler bilen 500 derman ýetmezçilik edýär.

Gripp sebäpli müňlerçe raýaty hassahanalara gyssagly ýüz tutan Fransi,ýada-da 3 müňe barabar derman ýetmezçilik edýär.

 



Degişli Habarlar