Russiýanyň Ukraina Guran Hüjüminde 1 Adam Ýaralandy

“Partlamada ýaralanan 19 ýaşyndaky ýetginjek hassahanada bejergi astyna alyndy”

1926365
Russiýanyň Ukraina Guran Hüjüminde 1 Adam Ýaralandy

Russiýanyň Ukrainanyň paýtagty Kiýewe guran hüjüminde 1 adam ýaralandy.

Şäher häkimi Witaliý Kliçko, Telegramdan beren habarnamasynda, rus goşunynyň şähere guran hüjümi sebäpli Desnýan etrapçasynda partlamanyň bolandygyny mälim etdi.

Kliçko “Partlamada ýaralanan 19 ýaşyndaky ýetginjek hassahanada bejergi astyna alyndy” diýdi.

Ýerli köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde berlen habarlarda bolsa, rus goşunynyň Ukraina uçarmansyz howa ulaglary bilen hüjüm gurandygy öňe sürülýär.

Russiýa 24-nji fewralda Ukraina garşy hüjüm başladypdy.

 



Degişli Habarlar