Eýranda 18 Ýaşyndaky Ýetginjege 2 Gezek Ölüm Jezasy Berildi
Kazyýet topary, Muhammediferdä “ýer ýüzünde bidüzgünçilik edendigi” we “söweşiji” bolandygy sebäpli 2 gezek ölüm jezasyny berdi.
Eýranda geçirilýän protest ýörişlerinde saklanan 18 ýaşyndaky ýetginjege 2 gezek ölüm jezasy berildi.
Eýranyň Adam hukuklary boýunça meýletinler gullugy NRANA-nyň berýän habarynda, Mazenderan welaýatynyň Nuşehr şäherinde geçirlen protest ýörişlerinde saklanan 18 ýaşyndaky Mehdi Muhammediferdi hakynda gozgalan kazyýet işi barada maglumat berildi.
NRANA-dan berlen beýannama görä, kazyýet topary, Muhammediferdä “ýer ýüzünde bidüzgünçilik edendigi” we “söweşiji” bolandygy sebäpli 2 gezek ölüm jezasyny berdi.
Muhammediferdi mundan başgada “ýurduň howpsyzlygyna wehim salandygy” sebäpli 4 ýyl, bilkastlaýyn ýagdaýda halkyň ýurduň howpsyzlygyny bolmagyna meçew berendigi sebäpli 2 ýyl, ýurduň liderini kemsdidendigi sebäpli 1 ýyl, hökümete garşy tutum alyp barandygy sebäpli hem 6 aý bolmak bilen jemi 7 ýyl 6 aý azatlykdan mahrum edildi.
Nuşehrde 30-njy sentýabrda saklanan Muhammediferdi şeýle hem 5 howpsyzlyk gullukçysynyň ýogalmagyna sebäp bolan 21-nji sentýabrda şäherde geçirlen protest ýörişine öňbaşçylyk etmekde günäkärlenýär.
Degişli Habarlar
Nigeriýada Zamun Alynan 64 Çaga Bilen Zenan Boşadyldy
Harby goşun ýaragly başbozarlara garşy geçirýän operasiýasyny dowam etdirýär
Russiýa, Ermenistandaky Ilçisini Yzyna Çagyrdy
Degişli kararyň näme sebäpli kabul edilendigi barada bolsa maglumat berilmedi.