Lawrow Gresiýanyň Ukraina bermegi meýilleşdirýän S-300-ler bilen bagly beýannama berdi

Russiýanyň Daşary işler ministri Sergeý Lawrow, Gresiýanyň Russiýanyň rugsady bolmadan S-300-leri başga bir ýurda bermek hukugynyň bolmandygyny beýan etdi

1925141
Lawrow Gresiýanyň Ukraina bermegi meýilleşdirýän S-300-ler bilen bagly beýannama berdi

Russiýanyň döwlet telewideniýe kanaly Perwyý kanala gün tertibindäki ileri tutulýan meseleleriň üstünde durup geçen Sergeý Lawrow, Gresiýanyň Ukraina bermegi meýilleşdirýän S-300 howa goranyş ulgamlary barada beýannama berdi. 

Şol ulgamlaryň ilkinji tapgyrda Kipriň Grek zolagyna ýerleşdirilmeginiň meýilleşdirilendigini we ahyrynda Gresiýa gowşurylandygyny ýatladan Lawrow: "Ilçimize Gresiýanyň Daşary işler ministrligi bilen Goranmak ministrligine ýüz tutup, şol ulgamlaryň Gresiýa gowşurylandygyny ýatlatmagy üçin görkezme berdik. Ylalaşyga görä biziň rugsadymyz bolmadan Gresiýanyň şol ulgamlary hiç kime bermek hukugy ýok. Şony greklere ýatlatdyk. Olar bize borçnamalaryna üns berjekdiklerini beýan etdiler" diýip habar berdi. 

Russiýa bilen Ukrainanyň arasyndaky gepleşikleriň hem üstünde durup geçen Sergeý Lawrow, Ukraina bilen gepleşikler geçirmäge taýardyklaryny emma ABŞ-nyň oňa rugsat bermeýändigini beýan etdi. 

Diplomatik ylalaşyklara gelmek baradaky teklipleri ret etmeýändiklerini aýdan Sergeý Lawrow, şol ylalaşyklaryň Donetsk, Lugansk, Herson we Zaparožýe sebitleriniň Russiýa degişlidigi kabul edilen halatynda mümkin boljakdygyny mälim etdi. 

Sergeý Lawrow Ukrainanyň töweregindäki ýagdaýy iň gysga wagtda çözmek isleýändiklerini habar berdi. 


Etiketkalar: #S-300 , #Gresiýa , #Ukraina , #Russiýa

Degişli Habarlar