Russiýanyň Ukrainada Başladan Söweşi Dünýä Ulgamyny Durnuksyzlaşdyrdy

Gruziýanyň Premýer-ministri İrakli Garibaşwili Russiýanyň 24-nci fewralda Ukrainada başladan söweşiniň dünýa ulgamyny durnuksyzlaşdyrandygyny aýtdy.

1923849
Russiýanyň Ukrainada Başladan Söweşi Dünýä Ulgamyny Durnuksyzlaşdyrdy

Garibaşwili paýtagt Tibiliside geçirilen Ilçiler Maslahatynyň açylyş dabarasynda sözlän sözünde, ýylyň dowamynda başdan geçirilen sebitleýin we global meseleler hakynda beýanat berdi.

Ukrainada söweş hakynda durup geçen Garibaşwili; “Russiýanyň nahak harby hücümleri, Ukrainadaky söweş dünýä ulgamyny durnuksyzlaşdyran iň esasy mesele we ýylyň iň uly wakasy” diýdi.

Ukrainadaky çaknyşyklaryň bütin sebit üçin howp emele getirýändigini beýan eden Garibaşwili; “Biz söweşiň gysga möhletde bes edilmegini isleýäris. Sebäbi bu söweş diňe bir Ukrainanyň däl, eýsem bütin Ýewropanyň, sebitiň howpsyzlygyna wehim salýar” diýdi.

Garibaşwili; “Ukrainanyň territorial bitewiligine we özygtyýarlylygyna goldawymyzy ýene-de bir gezek beýan edýäris” diýdi.

 



Degişli Habarlar