Nigeriýada terror guramasy Boko Haram tarapyndan hüjüm guraldy

Nigeriýanyň demirgazyk-gündogarynda terror guramasy Boko Haram tarapyndan obalaryň birine guralan hüjümde 17 adam ýogaldy

1924039
Nigeriýada terror guramasy Boko Haram tarapyndan hüjüm guraldy

Milli metbugatda berilen habarlara görä, terror guramasynyň agzalary Borno ştatynyň Airamne obasyna hüjüm guradylar. 

Hüjümde çopan bolan 17 adamyň öldürilendigi, terrorçylaryň çopanlara degişli ähli mallary alandyklary mälim edildi. 

Ýurtda 2000-nji ýyllaryň başyndan bäri barlygyny dowam etdirýän Boko Haramyň 2009-njy ýyldan bäri guran terrorçylykly hüjümlerinde 20 müňden gowrak adam ýogaldy. 

Terror guramasy 2015-nji ýyldan bäri serhetdeş ýurtlar bolan Kamerun, Çad we Nigerde hem hüjümler guraýar. 



Degişli Habarlar