Wladimir Putin Belarusa Bardy

Putin, Belarusyň Prezidenti Aleksand Lukaşenko bilen paýtagt Minskde duşuşdy.

1921226
Wladimir Putin Belarusa Bardy

Russiýanyň döwlet Ýolbaşçysy Wladimir Putin, Belarus bilen howpsyzlyk meselesinde gazanylan ylalaşyga kanagatlanma bildirýändiklerini nygtap, “Belarus biziň iň ýakyn hyzmatdaşymyz” diýdi.

Putin, Belarusyň Prezidenti Aleksand Lukaşenko bilen paýtagt Minskde duşuşdy.

Rus lideri Putin, Lukaşenko bilen ykdysadyýetiň başda durmagynda iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlyk hakynda pikir alyşjakdyklaryny belledi.

Howpsyzlyk meselesiniň iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklarda esasy orun eýeleýändigine ünsi çeken Putin,  “Soňky döwürde howpsyzlyk meselesine, halkara derejesinde edilýän hyzmatdaşlyga uly ähmiýet berýäris. Umuman alnanda özara gatnaşyklara kanagatlanma bildirýäris” diýdi.

Şu ýyl iki ýurduň arasyndaky söwda mukdarynyň 40 milliard dollara ýetjekdigini we uly rekord goýjakdyklaryny nygtan Putin, Russiýanyň Belarusda atom energiýasy bekedini gurýandygyny we şol ugurda edýän hyzmatdaşlygyny ösdürmäge taýardygyny belledi.

Putin “Belarus biziň üçin diňe goňşy ýurt däl eýsem biziň iň ýakyn hyzmatdaşymyz” diýdi.

Belarusyň Prezidenti Lukaşenko hem iki ýurduň hökümetleriniň ýakyndan gatnaşyk edýändigini belledi.

Lukaşenko “Özara söwda mukdarynyň artmagy we hyzmatdaşlygy bökdeýän birnäçe meseläniň çözülmegi özara gatnaşyklaryň ýeten derejesini görkezýär” diýdi.

Lukaşenko, Russiýanyň Belarusa beren S-400 howa goranyş ulgamlary bilen “Iskender” raketa ulgamyny doly işe girizendiklerini belledi.

 

 



Degişli Habarlar