Peruda Geçirilýän Protest Ýörişlerinde Ýogalanlaryň Sany Artdy

Müňlerçe adam täze Prezident Dina Boluarteniň wezipesinden çekilmegini we tussaglykdaky prezident Kastillonyň boşadylmagyny isledi.

1921083
Peruda Geçirilýän Protest Ýörişlerinde Ýogalanlaryň Sany Artdy

Peruda, Prezident Pedro Kastillonyň 7-nji dekabrda Kongresde wezipesinden boşadylmagyndan we tussag edilmeginden soň başlan protest ýörişlerinde ýogalanlaryň sany 26 adama ýetdi.

Birnäçe şäherde köçä çykan müňlerçe adam täze Prezident Dina Boluarteniň wezipesinden çekilmegini we tussaglykdaky prezident Kastillonyň boşadylmagyny isledi.

Perunyň Saglygy goraýyş ministrliginden berlen beýannamada, protest ýörişinde ýogalanlaryň sanynyň 26 adama ýetendigi, 61 adamyň bolsa hassahanalarda bejergi alýandygy nygtaldy.

Adam pidalary sebäpli 17-nji dekabrda 2 ministr wezipesinden çekilipdi.

Boluarteniň saýlawlaryň 2023-nji ýylyň dekabr aýynda geçirilmegi hakyndaky teklibi hem Kongresde geçirlen sese goýulşykda ret edilipdi.

Perunyň ozalky Prezidenti Kastillo, Kongres tarapyndan 7-nji dekabrda “üýtgewsiz ahlak bozulmasy” sebäpli wezipesinden çetleşdirlipdi.

Kastillonyň wezipesinden çetleşdirilmeginden we tussag edilmeginden soň ýurduň çar tarapynda protest ýörişleri başlapdy.

Wise-prezident Boluarte, Kastillonyň wezipesinden çetleşdirilmeginden soň ýurduň täze prezidenti hökmünde 8-nji dekabrda kasam edipdi.

Boluarteniň saýlawlaryň 2023-nji ýylyň dekabr aýynda geçirilmegi hakyndaky teklibi hem Kongresde geçirlen sese goýulşykda ret edilipdi.

Ýurtda protest ýörişleriniň dowam edýändigi sebäpli 14-nji dekabrda adatdan daşary ýagdaý dolanşygy yglan edilipdi.

 



Degişli Habarlar