Demirgazyk Koreýa Ýaponiýa duýduryş berdi

Demirgazyk Koreýa Ýaponiýanyň milli goranmak strategiýasyna geçmegini ýazgaryp, oňa garşy has güýçli harby çäre görjekdikleri barada duýduryş berdi

1921174
Demirgazyk Koreýa Ýaponiýa duýduryş berdi

Ýonhap habarlar agentliginiň berýän habaryna görä, Demirgazyk Koreýanyň Daşary işler ministrliginden berilen beýanatda, Ýaponiýanyň beýleki ýurtlara garşy, garşylyk görkezmek syýasatyny kabul edip, sebit üçin howp emele getirýändigi bellendi. 

Beýanatda Ýaponiýanyň täze howpsuzlyk syýasaty bilen Gündogar Aziýadaky howpsuzlyk şertlerini düýbünden üýtgedendigi we Ýaponiýanyň ýalňyş we örän howply ýol saýlandygy bellenip, Demirgazyk Koreýanyň şol strategiýa garşy has berk harby çäreler görjekdigi nygtaldy. 

Ýaponiýanyň täze howpsuzlyk syýasaty bilen, duşman bazalaryny nyşana alyp bilmek mümkinçiligini edinjek strategiýa geçmeginiň ýazgarylýandygy bellenen beýanatda: "Ýaponiýanyň hukuksyz we çendenaşa göçümine jogap hökmünde Demirgazyk Koreýa fakta esaslanýan hereketlerden nähili derejede aladaly we nägileligini bildirmäge dowam eder" diýip habar berdi. 

Ýaponiýa 16-njy dekabrda II Jahan urşyndan soň alyp barýan syýasatlaryna üýtgeşmeler we goşmaçalar girizip, duşmana degişli bazalary nyşana alyp bilmek mümkinçiligine eýe bolmak strategiýasyna geçipdi. 

Hytaýyň Ýuwaş okeanynda harby taýdan giňelmek we Demirgazyk Koreýanyň ýadro we raketa programmalary bilen birlikde sebitleýin howplara garşy Ýaponiýa, goranmak syýasatyna goşmaçalar we üýtgeşmeler girizipdi. 



Degişli Habarlar