Owganystanda Tunelde Bolan Heläkçilikde Ýogalanlaryň Sany Artdy

Düýn ir ertir ýangyç tankeriniň agdarylmagy sebäpli ýapylan Salang tuneli heniz gatnawa açylmady.

1920770
Owganystanda Tunelde Bolan Heläkçilikde Ýogalanlaryň Sany Artdy

Owganystanda Salang tunelinde düýn ýangyç tankeriniň ýarylmagy sebäpli ýogalanlaryň sany 31 adama ýetdi.

Talibanyň ýolbaşçylygyndaky wagtlaýyn hökümetiň Saglygy goraýyş ministrliginiň metbugat geňeşçisi Şerafet Zaman, mesele hakynda beren beýannamasynda, tunelde bolan heläkçilikde ýogalanlaryň sanynyň 31, ýaralananlaryň sanynyň hem 37 adama ýetendigini aýtdy.

Gözleg we halas ediş işleriniň dowam edýändigini aýdan Zaman, wakalada ýogalanlaryň sanynyň artmagyna alada bildirdi.

Düýn ir ertir ýangyç tankeriniň agdarylmagy sebäpli ýapylan Salang tuneli heniz gatnawa açylmady.

Şaýatlar tunelde ýanan ulaglaryň arasynda kömür daşaýan ýük ulaglarynyň bardygyny nygtaýar.

 

 

 

 


Etiketkalar: #tanker , #ýangyç , #tunel , #Owganystan

Degişli Habarlar