Taýwanda 6,2 Bala Barabar Ýer Titremesi Boldy

Meteorologiýanyň Seismologiýa merkezinden berilen beýannama görä güýç merkezi Taýwan adasynyň gündogar kenaryndaky Hualian şäheriniň 29,1 kilometr aslyslygynda ýer titremesi boldy.

1919029
Taýwanda 6,2 Bala Barabar Ýer Titremesi Boldy

Deňiziň düýbüniň 5,7 kilometr çuňlugynda bolan 6,2 bala barabar ýer titremesinin emele getiren sarsgyny, Hualieniň ýany bilen demirgazykdaky Taipeide we etraplarynda-da duýuldy.

Ýer titremesinde çekilen ýitgi hakynda henize çenli maglumat berilmedi.

Amerikanyň Geologik barlag merkezi bolsa ýer titremesiniň ululygyny 5,9 bala barabar diýip habar berdi.

Taýwanda 18-nji sentýabrda günorta gündogar kenardaki Taitung şäherinde bolan 6,8 bala barabar ýer titremesinde 1 adam ýogalypdy, 164 adam ýaralanypdy.


Etiketkalar: #ýer titremesi , #Taýwan

Degişli Habarlar