Italiýada Harby Uçar Heläkçilige Uçrady

Uçaryň harby howa bazasynyň 8 mil günorta gündogarynda deňize gaçandygy, gözleg we halas ediş işleriniň dowam edýändigi bellenildi.

1918768
Italiýada Harby Uçar Heläkçilige Uçrady

Italiýanyň Howa güýçlerine degişli harby uçaryň Sisilýa adasynyň günbatarynda deňize gaçandygy habar berildi.

Italiýanyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň berýän habaryna görä, tälim uçuşyndan soň Sisilýa adasyndaky Trapani Birgi howa menzilindäki bazasyna tarap uçan Italiýanyň Howa güýçlerine degişli harby uçar bilen düýn aragatnaşyk kesildi.

Habarlarda, uçaryň harby howa bazasynyň 8 mil günorta gündogarynda deňize gaçandygy, gözleg we halas ediş işleriniň dowam edýändigi bellenildi.

Gözleg we halas ediş işlerine dik uçaryň hem goldaw berýändigi nygtaldy.



Degişli Habarlar