ABŞ, DAEŞ-iň 2 Ýolbaşçysynyň Öldürlendigini Habar Berdi

" DAEŞ-iň Siriýadaky ýolbaşçysy Anas bilen birlikde gurama agza iki ýolbaşçysy öldürdi”

1917610
ABŞ, DAEŞ-iň 2 Ýolbaşçysynyň Öldürlendigini Habar Berdi

ABŞ-nyň Merkezi güýçleri serkerdeligi CENTCOM, Siriýanyň gündogarynda guran howa operasiýasynda terror guramasy DAEŞ-iň 2 ýolbaşçysynyň öldürlendigini habar berdi.

CENTCOMdan berlen ýazmaça beýannamada, “ABŞ-nyň Merkezi güýçler serkerdeligi 11-nji dekabrda ýerli wagt bilen 02.57-de Siriýanyň gündogarynda dikuçarlar guran howa operasiýasynda DAEŞ-iň Siriýadaky ýolbaşçysy Anas bilen birlikde gurama agza iki ýolbaşçysyny öldürdi”diýildi.

Beýannamada, operasiýanyň bir taraply ýagdaýda amerikaly esgerler tarapyndan guralandygy nygtaldy we ilkinji kesgitlemere görä adam pidasynyň çekilmändigi nygtaldy.

Beýannamada, howa operasiýasynyň guralan ýeri barada doly maglumat berilmedi.


Etiketkalar: #ABŞ , #DAEŞ , #terror guramasy

Degişli Habarlar