“Ukrain Güýçlerinden Noýabr Aýynda 8 Müň 300 Esger Ýogaldy”

Şoýgu, 24-nji fewraldan bäri dowam edýän Russiýa-Ukraina söweşi hakynda maglumat berdi.

1915454
“Ukrain Güýçlerinden Noýabr Aýynda 8 Müň 300 Esger Ýogaldy”

Russiýanyň Goranmak ministri Sergeý Şoýgu, ukrain güýçlerinden noýabr aýynda 8 müň 300 esgeriň ýogalandygyny öňe sürdi.

Şoýgu, harby ýolbaşçylar bilen geçiren maslahatynda, 24-nji fewraldan bäri dowam edýän Russiýa-Ukraina söweşi hakynda maglumat berdi.

Ukrainanyň Donbas sebitinde çaknyşyklaryň dowam edýändigini aýdan Şoýgu, rus güýçleriniň käbir etrapçalaryň gözegçiligini ele geçirendigini ýatlatdy.

Ukrain goşunynyň Lugansk we Donesk liniýalarynda uly ýitgi çekýändigini öňe süren Şoýgu, “Duşman noýabr aýynda 8 müň 300 esgerini, 5 uçaryny, 10 dik uçaryny, 149 tankyny we 300-den gowrak sowutly ulagyny ýitirdi” diýdi.

Ministr Şoýgu, Russiýanyň ýaragly güýçleriniň, Ukrainanyň harby dolanşyk ulgamy ilen harby senagat zolagyna uzak aralykly ýaraglar bilen hüjüm gurandygyna ünsi çekdi.

Ukrainadaky Zaparožýe atom bekediniň rus güýçleriniň gözegçiligi astyndadygyny ýatladan Şoýgu, desganyň howpsyzlygynyň ýola goýulmagy üçin degişli çäreleriň görlendigini belledi.

 

 

 



Degişli Habarlar