Russiýa bilen Hytaýyň arasynda milli pul birlikleri bilen söwda gatnaşyklary ýaýbaňlanýar

Mişustin tapawutly çäklendirmelere garamazdan Russiýa bilen Hytaýyň arasyndaky söwda mukdarynyň şu ýylyň ilkinji 10 aýynda 150 milliard dollara golaýlandygyny habar berdi

1914954
Russiýa bilen Hytaýyň arasynda milli pul birlikleri bilen söwda gatnaşyklary ýaýbaňlanýar

Russiýanyň Premýer ministri Mihail Mişustin, Hytaýa nebit, tebigy gaz we kömür eksportyny artdyrandyklaryny belläp: "Söwda geleşikleriň ýarysyny diýen ýaly milli pul birliklerimiz bilen amala aşyrmagymyz örän möhümdir" diýip nygtady. 

Russiýanyň Premýer ministri Mihail Mişustin, Hytaýyň Döwlet geňeşiniň Premýer ministri Li Kesýanyň hem gatnaşmagynda geçirilen iki ýurduň hökümet başyklarynyň 27-nji nobatdaky maslahatynda göni wideo aragatnaşyk arkaly beýannama berdi. 

Russiýanyň Hytaýa energiýa çeşmeleriniň eksportyny artdyrandygyny aýdan Mişustin: "tebigy gaz, nebit we kömür eksportymyz artýar. Hytaýda Russiýanyň gatnaşmagynda atom bekediniň gurluşygy dowam edýär. Bar bolan ähli ylalaşyklaryň jogapkärçiliklerini ýerine ýetirmäge we şol ugurda täze taslamalary durmuşa geçirmäge taýardyrys" diýip mälim etdi. 

Iki ýurduň arasyndaky söwdada milli pul birlikleriniň paýynyň uludygyny aýdan Mişustin: "Söwda geleşikleriň ýarysyny diýen ýaly milli pul birliklerimiz bilen amala aşyrmagymyz örän möhümdir. Söwdada bular ýaly görnüşli tölegleriň öň hatarda bolmagy gerek. Bu köp polýarly dünýäniň özygtyýar ykdysady we maliýe syýasatynyň logikasydyr" diýip nygtady. 

Mişustin tapawutly çäklendirmelere garamazdan Russiýa bilen Hytaýyň arasyndaky söwda mukdarynyň şu ýylyň ilkinji 10 aýynda 150 milliard dollara golaýlandygyny habar berdi. 



Degişli Habarlar