Burkina-Fasoda terrorçylykly hüjüm guraldy
Burkina-Fasonyň Gana we Togo serhedine ýakyn sebitde guralan terrorçylykly hüjümde 6 adam ýogaldy
![Burkina-Fasoda terrorçylykly hüjüm guraldy](http://cdn.trt.net.tr/images/xlarge/rectangle/784e/689a/27ba/638ee0cabfbba.jpg?time=1722043223)
Ýerli metbugatda berilen habarlara görä, şahsyýetleri entek anyklanmadyk ýaragly terrorçylar, Gana we Togo serhediniň golaýyndaky Bittou şäheriniň Boulgou etrabyndaky petank klubyna hüjüm guradylar.
Hüjümçileriň töwerege od açmaklary netijesinde 4-si mugallym asuda ilatdan jemi 6 adam ýogaldy.
Goňşy Mali döwletindäki Al Kaýda we DAIŞ bilen arabaglanşykly bolan terrorçy toparlar, 2015-nji ýyldan bäri Burkina-Fasonyň demirgazygynda we gündogarynda ýygy-ýygydan hüjümler guraýarlar.
Hökümet tarapyndan berilen maglumatlara görä hüjümlerde 2015-nji ýyldan 2021-nji ýylyň dekabr aýyna çenli 600-i howpsuzlyk güýçlerinden bolmak bilen jemi 2 müň adam ýogaldy.
Degişli Habarlar
![Marokkoda aşa yssy howa sebäpli 21 adam ýogaldy](http://cdn.trt.net.tr/images/medium/rectangle/ecec/d906/3c7c/667d0a4005099.jpg?time=1722043224)
Marokkoda aşa yssy howa sebäpli 21 adam ýogaldy
Marokkoda aşa yssy howa sebäpli ýaşuly we kesellän adamlardan ybarat jemi 21 adam ýogaldy