Peskow: "Putin Baýden bilen gepleşikler geçirmäge açyk" diýdi

Russiýanyň hökümediniň metbugat geňeşçisi Dmitriý Peskow, Baýdeniň Wladimir Putin bilen duşuşyk geçirmek üçin Russiýanyň Ukrainadan çykmagynyň gerekdigi baradaky sözlerini ýatlatdy

1914104
Peskow: "Putin Baýden bilen gepleşikler geçirmäge açyk" diýdi

Russiýanyň hökümediniň metbugat geňeşçisi Dmitriý Peskow, Russiýanyň Döwlet baştutany Wladimir Putiniň ABŞ-nyň Prezidenti Jo Baýden bilen gepleşikler geçirmäge açykdygyny, emma Russiýanyň goşunynyň Ukrainadan çykmaga taýar bolmandygyny beýan etdi. 

Russiýanyň hökümediniň metbugat geňeşçisi Dmitriý Peskow, Baýdeniň Wladimir Putin bilen duşuşyk geçirmek üçin Russiýanyň Ukrainadan çykmagynyň gerekdigi baradaky sözlerini ýatlatdy. 

Russiýanyň goşunynyň Ukrainadan çykmaga taýar bolmandygyny aýdan Peskow: "Ýörite harby operasiýa dowam edýär. Şonuň bilen baglylkda Putin aragatnaşyklar we gepleşikler üçin açykdygy we şolar ýaly bolmaga dowam edýär. Bähbitlerimize ýetmegiň iň köp isleg bildirilýän ýoly, parahatçylykly diplomatik enjamlardyr" diýip habar berdi. 

ABŞ-nyň Russiýanyň Ukrainada anneksiýa eden täze territoriýalaryny ykrar etmändigini we onuň ikitaraplaýyn häsýetdäki jedelleşik gurşawyny tapmagy kynlaşdyrýandygyny aýdan Peskow, Putiniň ýurdunyň bähbitleri üçin hemişe gepleşiklere açykdygyny beýan etdi. 

Peskow Putiniň Ukrainadaky söweşdem ozal hem ABŞ, NATO we ÝHHG bilen taýarlanan taslama tekstleriň esasynda gepleşikler başlatmaga synanyşandygyny aýdyp, şol başlangyjyň jogapsyz galandygyny belledi. 


Etiketkalar: #ABŞ , #Ukraina , #Russiýa

Degişli Habarlar