Nigeriýada zamun alynan 14 adam azat edildi

Nigeriýanyň Zamfara ştatynda ýaragly toparlar tarapyndan zamun alynan 14 adam azat edildi

1913835
Nigeriýada zamun alynan 14 adam azat edildi

Zamfara ştatynyň Polisiýa gullugynyň metbugat sekretary Muhammad Şehu, ştatyň Girkau obasynda ýaragly toparlara garşy operasiýanyň geçirilendigini habar berdi. 

Şehu operasiýada ýaragly toparlar tarapyndan 50 gün ozal zamun alynan 14 adamyň halas edilendigini, olaryň saglyk ýagdaýlarynyň gowudygyny aýan etdi. 

Şehu operasiýada ýaragly toparyň 6 agzasynyň täsirsiz ýagdaýa getirilendigini belläp, ýaragly toparyň gaçybatalgasynyň hem ýok edilendigini habar berdi.

Zamfara ştaty eýýäm 5 ýyl bäri ýaragly toparlaryň hüjümlerine sezewar galýar. 

Ştatyň hökümeti artan howpsuzlyk hadysalary sebäpli tussag edilen ýaragly toparyň agzalaryna ölüm jezasynyň beriljekdigini beýan edipdi. 



Degişli Habarlar