Tesla 300 müňden gowrak ulagyny yzyna çagyrýar

Yzyna çagyrmak işleri 2023 Tesla Model 3 we 2020-2023 Model Y görnüşlerini öz içine alar

1909023
Tesla 300 müňden gowrak ulagyny yzyna çagyrýar

Elektrik tokda işleýän ulaglaryň öndürijisi Tesla kärhanasy ulaglaryň arka tarapyndaky yşyk çyrasynyň potensial näsazlygy sebäpli ABŞ-daky takmynan 321 müň ulagyny yzyna çagyrdy. 

Milli Gara ýollary Ýol hereketiniň howpsuzlygy edarasyna ugradylan hata görä, häzirki wagta çenli şol näsazlyk sebäpli ýol heläkçilik ýa-da şikes ýetme hadysasynyň başdan geçirilendigi barada hiç hili maglumat berilmedi, emma Tesla ulagyň arka tarapyndaky lampalarynyň işlemeýändigini öňe süren birnäçe müşderiniň şikaýatyny kabul etdi.  

Kärhananyň näsazlygy düzetmek üçin kabelsiz bir täzelenmäni üpjün etmek barada karara gelendigi habar berildi. 

Yzyna çagyrmak işleri 2023 Tesla Model 3 we 2020-2023 Model Y görnüşlerini öz içine alar. 


Etiketkalar: #näsazlyk , #kärhana , #ulag , #Tesla

Degişli Habarlar