Nigeriýada guralan ýaragly hüjümde 18 adam ýogaldy

Nigeriýanyň Plateau ştatynda guralan ýaragly hüjümde 18 adam ýogaldy

1907315
Nigeriýada guralan ýaragly hüjümde 18 adam ýogaldy

Milli metbugatda berilen habara görä, motosiklli ýaragly hüjümçiler, Plateau ştatynyň Maikatako sebitinde hüjüm guradylar. 

Hüjümde 18 adam ýogaldy, köp sanda adam ýaralandy. 

Polisiýa gullugynyň Jemgyýetçilik gatnaşyklar bölüminiň müdüri Alfred Alabo beren beýanatynda, ýaralanan adamalryň hassahanada bejergi astyna alynandygyny, wakanyň bolan ýerine howpsuzlyk güýçleriniň gönükdirilendigini habar berdi. 

Ýurtda soňky wagtlarda ýaragly adamlaryň motosikller bilen hüjümler guramagy sebäpli ülkäniň käbir ştatlarynda motosikl ulanmak gadagan edildi. 



Degişli Habarlar