Rus Güýçleri Ukrainanyň Şäherlerine Hüjüm Gurady

Rus güýçleriniň Ukrainanyň Dnepr, Odessa we Kiýew şäherlerine hüjüm gurandygy habar berildi.

1907611
Rus Güýçleri Ukrainanyň Şäherlerine Hüjüm Gurady

Dnepropetrowskyň Gubarnatory Walentin Rezniçenko sosial media hasabyndan beren habarnamasynda Dnepr şäherine uzakly gün dowam eden bombardymanda 15 ýaşly gyzjagaz bilen 14 adamyň ýaralanandygyny beýan etdi.

Hüjümde bombalardan biriniň senagat desgasyna, beýlekisiniň bolsa bir ýaşaýyş jaýyna degendigini beýan eden Rezniçenko, hüjümleriň dowam edýändigini nygtap, raýatlara hopwpsuz ýerlerde galmaklary üçin çagyryş etdi.

Ukrainanyň Odessa welaýatynyň Gubernatory Maksim Marçenko sebitdäki infrastruktura desgalaryna hüjüm guralandygyny beýan etdi.
Kiýew welaýatynyň gubernatorlygyndan berilen beýannamada bolsa howa goranyş güýçleriniň Kiýewde 4 raketany we 5 sany “Şahed” kysymly dorny urup düşürendigini habar berildi.  



Degişli Habarlar