Demirgazyk Koreýa Ýaponiýa deňizine tarap ballistik raketa uçurdy

Demirgazyk Koreýanyň Ýaponiýa deňizine tarap ballistik raketa uçurandygy habar berildi

1907287
Demirgazyk Koreýa Ýaponiýa deňizine tarap ballistik raketa uçurdy

Günorta Koreýanyň Baş Ştabyndan berilen beýanata görä, Demirgazyk Koreýanyň gündogar kenaryndaky Kangwondan uçurylan gysga aralykly ballistik raketa Ýaponiýa deňizine gaçdy. 

Ballistik raketa synagy ýerli wagt bilen sagat 10:48-de amala aşyryldy. 

Ýaponiýanyň Ministrler kabinetiniň Baş sekretary Matsuno Hirokazu, raketa bilen bagly maglumatlaryň analiz tapgyryndadygyny we ýurdunyň ABŞ we Günorta Koreýa bilen hyzmatdaşlygyny dowam etdirjekdigini habar berdi. 

Synagyň resmi Phenýanyň ABŞ-nyň sebitde giňeldilen eýmendirme kampaniýasyna baglylygyny dowam etdiren halatynda has berk harby aksiýalar amala aşyrjakdygy baradaky howpdan soň ýerine ýetirilmegi ünsleri özüne çekdi. 

Demirgazyk Koreýanyň Daşary işler ministri Çhwe Son Hueý beren beýanatynda: "ABŞ ýaranlaryna güýçlendirilen, giňeldilen eýmendirme teklibinde nähili derejede tutanýerli bolsa we Koreýa ýarymadasyndaky meçew beriji harby hereketlerini näçe güýçlendirse Demirgazyk Koreýanyň harby taýdan garşylyk görkezmegi hem şolar ýaly berk bolar" diýip habar berdi. 



Degişli Habarlar