Şwesiýa: "Üçtaraplaýyn ylalaşygyň şertleri ýerine ýetiriler" diýdi

Şwesiýanyň Daşary işler ministri Tobias Billström, Ýewropa Bileleşigine agza ýurtlaryň Daşary işler ministrleriniň maslahatyna gatnaşmak maskady bilen giden Belgiýanyň paýtagty Brýussel şäherinde beýannama berdi

1906268
Şwesiýa: "Üçtaraplaýyn ylalaşygyň şertleri ýerine ýetiriler" diýdi

Şwesiýanyň Daşary işler ministri Tobias Billström, Ştambul şäheriniň Taksim meýdançasynyň golaýyndaky Istiklal köçesinde guralan terrorçylykly hüjümi ýazgardy we Şwesiýanyň, Türkiyäniň we Finlýandiýanyň arasynda gazanylan NATO ylalaşygynyň şertleriniň ýerine ýetirilmeginiň gerekdigini beýan etdi. 

Şwesiýanyň Daşary işler ministri Tobias Billström, Ýewropa Bileleşigine agza ýurtlaryň Daşary işler ministrleriniň maslahatyna gatnaşmak maskady bilen giden Belgiýanyň paýtagty Brýussel şäherinde beýannama berdi. 

Taksimdäki terrorçylykly hüjümi ýazgaran Billström: "Bular ýaly görnüşli aksiýalara sezewar galan ýurtlar we halklar bilen egin-eginediris. Bu wakanyň Türkiye bilen Şwesiýanyň arasynda geçiriljek gepleşiklere täsir ýetirjekdigini pikir etmeýärin. Türk resmileriniň derňew işleriniň tamamlanmagyna garaşýarys. Terror bolanlygy üçin ähli ýurtlar bilen hyzmatdaşlyk etmäge taýardyrys. Mundan başgada Türkiye, Finlýandiýa we Şwesiýa tarapyndan NATO Madrid sammitinde, 28-nji iýunda Üçtaraplaýyn ylalaşyk resminamasyna gol çekildi. Üçtaraplaýyn ylalaşygyň şertleri ýerine ýetiriler" diýip habar berdi.  



Degişli Habarlar