Nigeriýada etniki toparlaryň arasynda bolan çaknyşykda 8 adam ýogaldy

Nigeriýanyň Riwers ştatynda iki etniki toparyň arasynda bolan çaknyşyklarda 8 adam ýogaldy

1902945
Nigeriýada etniki toparlaryň arasynda bolan çaknyşykda 8 adam ýogaldy

Riwers ştatynyň Polisiýa gullugynyň Jemgyýetçilik gatnaşyklar bölüminiň resmisi Greýs Irindž-Koko beren ýazmaça beýanatynda, ştatyň Ahoado şäherinde Eze we Ahoado atly etniki toparlaryň arasynda çaknyşyklaryň bolandygyny habar berdi. 

Çaknyşyklarda 8 adamyň ýogalandygyny aýdan Irindž-Koko, çaknyşyklarda şeýle hem köp sanda adamyň ýaralanandygyny mälim etdi. 

Irindž-Koko sebite howpsuzlyk güýçleriniň gönükdirilendigini, waka bilen baglanşykly derňew işiniň başladylandygyny habar berdi. 

Ýurduň günortasyndaky ştatlarda biri-birinden tapawutly toparlaryň arasynda tebigy baýlyklaryň paýlaşylmazlygy sebäpli aralarynda wagtal-wagtal çaknyşyklar başdan geçirilýär. 



Degişli Habarlar