Bolgariýada harby bazada ýüze çykan ýangyn entek gözegçilik astyna alynyp bilinmedi

Bolgariýadanyň Nowo Selo harby bazasynyň düzümindäki poligonda 5-nji noýabrda başlan ýangyn gözegçilik astyna alynyp bilinenok

1903234
Bolgariýada harby bazada ýüze çykan ýangyn entek gözegçilik astyna alynyp bilinmedi

Bolgariýanyň Goranmak ministrliginden berilen beýanatda, 300 dekarlyk meýdana ýaýran ýangyny söndürmek işlerine 2 harby dikuçaryň hem gatnaşdyrylýandygy habar berildi. 

Resmiler ýangyn söndürijileriň we harbylaryň gatnaşýan söndürmek işleriniň kynçylyk bilen alynyp barylýandygyny mälim etdiler.  

Ýangynyň poligonyň ok-däri ammaryna tarap ýaýrandygy we ýolda partlaýjy bolmak ähtimallygynyň söndürmek işlerini kynlaşdyrýandygy habar berildi. 

1962-nji ýylda 144 ind km meýdana gurulan Nowo Selo harby bazasynda, aglabasy amerikaly bolmak bilen 2 müň 500 töweregi harby tälim alýar. 

NATO degişli Amerikan esgerleriň ulanýan poligonda, maksady aýan edilmedik türgenleşik tapgyrynda 5-nji noýabrda ýangyn başlapdy. 



Degişli Habarlar