Şwesiýanyň Premýer ministri Türkiyä sapar gurar

Şwesiýanyň Premýer ministri Ulf Kristersson 8-nji noýabrda Prezident Rejep taýýip Erdogan bilen duşuşmak maksady bilen Türkiyä sapar gurar

1902261
Şwesiýanyň Premýer ministri Türkiyä sapar gurar

Şwesiýanyň hökümetinden berilen beýanatda Ulf Kristerssonyň Türkiyäniň Prezidenti Rejep Taýýip Erdogan bilen duşuşmak maksady bilen Ankara sapar gurajakdygy habar berildi. 

Ulf Kristersson Prezident Erdogana 20-nji oktýabrda hat ugradyp, Şwesiýanyň NATO-nyň düzümine goşulmak bilen bagly tapgyryny maslahatlaşmak üçin Ankara sapar guramaga taýarlyk görýändigini mälim edildi. 

Türkiye, Finlýandiýa we Şwesiýa tarapyndan NATO-nyň Madrid sammitinde 28-nji iýunda Üçtaraplaýyn memoranduma gol çekişipdiler. 

Şwesiýanyň Adalat ministrliginden bir wekiliýet 5-6-njy oktýabr aralygynda Ankarada Türkiyäniň Adalat ministrliginiň resmileri bilen maslahat geçiripdiler. 



Degişli Habarlar