Zelenskiý: "Galla eksporty başlangyjy dowam eder" diýdi

Ukrainanyň Döwlet baştutany Wladimir Zelenskiý, Gara deňiz galla başlangyjy ylalaşygyna laýyklykda Ukrainadan galla eksportynyň dowam etmegi babatynda karara gelinendigini habar berdi

1901621
Zelenskiý: "Galla eksporty başlangyjy dowam eder" diýdi

Ukrainanyň Döwlet baştutany Wladimir Zelenskiý Telegram hasabyndan beren beýanatynda, ýurdundan galla eksportynyň dowam etmegi üçin Türkiyäniň Prezidenti Rejep Taýýip Erdogan bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirendigini, mundan başgada BMG-nyň Antoniu Guterrişiň hem şol tapgyryň dowam etmegini goldandygyny belläp: "Ýurdumyz we bütin dünýä üçin möhüm bir diplomatik netijämiz bar, galla eksporty başlangyjy dowam eder. Rus hilesi netije bermedi" diýip nygtady.

Prezident Erdogan bilen geçiren söhbetdeşligidne mundan başgada Gara deňiziň howpsuzlygy meseleleri, Krym platformasy bilen baglanşykly işler, ukrainaly harby ýesirleriň ýurda gaýdyp getirilmegi ýaly ugurlary maslahatlaşandyklaryny aýdan Wladimir Zelenskiý: "Ýesirlikde bolan ähli adamlar ýadymyzda, ählisini azat ederis" diýip belledi. 

Russiýanyň Ukrainadan howpsuzlyk kepilligini talap edendigini aýdan Zelenskiý, resmi Moskwanyň söweş başlamadan ozal hem ABŞ-dan şuňa meňzeş howpsuzlyk kepilligini isländigini belläp: "Bu bolsa hem rus agressiýasynyň şowsuzlygyny hem-de jebis bolan mahalymyz nähili derejede güýçlüdigimizi görkezýär" diýip habar berdi. 

Ukrainanyň azatlygy üçin göreşmäge dowam etjekdiklerini aýdan Zelenskiý: "Bütin Ukrainanyň azat boljakdygyna we azat galjakdygyna güwä geçýäris" diýip beýan etdi. 



Degişli Habarlar